2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iş meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň Konstitusiýasy – döwletiň özygtyýarlylygynyň we milli jebisligiň kepili» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata myhmanlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlarynyň we diňleýjileriniň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça geçirilýän işler çykyşlaryň esasyny düzdi. Ykdysadyýet, ylym we medeniýet ulgamlaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, adamyň hem-de raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça görülýän çäreler dogrusynda aýratyn nygtaldy. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunyň metbugatda çap edilen taslamasy barada aýdyldy.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşýanlar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň abadançylygynyň hem-de ählumumy ösüşiň bähbidine gönükdirilen ägirt uly işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
