2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda Akademiýanyň rektorynyň, kafedra müdirleriniň, bölüm ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň we hünärmenleriniň çykyşlary diňlenildi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler çykyşlaryň esasyny düzdi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda alnyp barylýan işler adam hakyndaky aladanyň baş wezipe hökmünde öňe sürülýändigini tassyklaýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllygy mynasybetli Akademiýanyň tapawutlanan işgärleriniň birnäçesine hormat hatlarynyň we sowgatlaryň gowşurylmagy çärä özboluşly öwüşgin çaýyp, oňa gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny artdyrdy.
Dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşýanlar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň abadançylygynyň hem-de ählumumy ösüşiň bähbidine gönükdirilen ägirt uly işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
