2020-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy «Jemgyýetiň we döwletiň sazlaşykly ösmeginde ýaşlaryň tutýan orny» atly tema boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda seminar geçirdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyza, halkymyza, ajaýyp ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim almaga, sport bilen meşgullanmaga hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy ýaşlara mahsus bolan we ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar barada döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.
2008-nji ýylda döwlet gullukçylary üçin ýokary bilimden soňky çuňlaşdyrylan bilimi berýän ilkinji okuw düzüminiň – Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döredilmegi ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Ýokary hünärli döwlet gullukçylaryny taýýarlaýan iri bilim merkezi hökmünde abraýyny barha ýokarlandyrýan bu okuw edarasynyň uçurymlary, şol sanda ýaş hünärmenler döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň pudaklarynda, aýratyn hem ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda, iri senagat kärhanalarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, jemgyýetçilik guramalarynda ýadawsyz zähmet çekip, Watana hyzmat etmegiň, milli bähbitlerimizi goramagyň göreldeli nusgasyny görkezýärler.
Berkarar döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan giň möçberli möhüm özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bagtyýar ýaşlar üçin okamak we hünär bilimini almak babatda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyşymyzyň çägi ýok. Mähriban halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!
