Bank ulgamynda halkara tejribe

2020-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy «Ykdysadyýetiň maliýe sagdynlygynyň üpjün edilmeginde ygtybarly pul dolanyşygynyň kadalaşdyrylmagynyň öňdebaryjy halkara tejribesi» atly tema boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirdi.

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda döwlet pulunyň – milli manadyň dolanyşyga girizilmegi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi we ýurdumyzyň özygtyýarly hem-de halkara bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde ykrar edilmegini beýan etdi. Şol günden başlap, ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň taryhynda täze döwür başlandy. Geçen ýyllaryň dowamynda türkmen manadynyň hümmetini pugtalandyrmak, karzlaşdyrmagyň we ilata pul goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler geçirilýär. Sanly özgertmeler müşderilere hödürlenýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, banklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga kömek eder. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşýanlar gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça sorag-jogap alyşdylar.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşýanlar mähriban halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.