Kitap – ösüşiň gözbaşy

Kitap – ösüşiň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde medeniýet, sungat, ylym, bilim örän belent sepgitlere ýetdi. Milli Liderimiz ylma, bilime, sungata we edebiýata uly sarpa goýýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: “Kitap okan gullar manydan dokdur” diýşi ýaly, Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleri-de biziň edebiýat älemimizi altyn harplar bilen bezeýär.

Hakykatdan-da,  pähim-paýhasy özünde jemleýän ajaýyp kitaplar bu günki gün ruhy hazynamyza öwrüldi. Bu kitaplary okanyňda hakyky durmuş wakalary göz öňüňde janlanyp, seriň durlanýar. Her bir ynsanyň durmuşyna gözellik nuruny çaýýar. Has dogrusy, kalbyňda ylham joşguny şineläp başlaýar. Milli Liderimiziň baý paýhas gorlaryny özünde jemleýän gymmatly kitaplary ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ýol-ýörelgelerimizde, ýagny türkmen halkyna mahsus bolan milli äheňde terbiýelemekde  bize usuly gollanma bolup hyzmat edip, durmuşyň ýagty ýollaryna ynamly ädim ätmäge itergi berýär. Şeýle-de kitaplarda geçmişiň beýany, şu günüň şuglasy, geljegiň ýagty daňy öz beýanyny tapýar.

Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplyk baýramynyň  25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynyň elimize gowuşmagy biziň baýramçylyk şatlygymyzy goşalandyrdy. Pähim-paýhasa ýugrulan bu ajaýyp kitap biziň her birimizde häzirki zaman taryhy ylmynyň, filosofiýanyň we syýasatşynaslyk ylmynyň ösüşine aýratyn uly goşant goşjakdygyna, bu ugurlarda täze ylmy barlaglara itergi berjekdigine ynam döretdi. Çünki biziň ýurdumyz dost-doganlyk gatnaşyklaryna, ähli ugurlardaky giň hyzmatdaşlyga özygtyýarlylygyny we Bitaraplyk statusyny berkitmegiň, daşary syýasatdaky maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmagyň kepili hökmünde garaýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz: “Halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostluk dünýäde ynsanperwerligi ýola goýýan taglymatdyr. Çünki bu dostluk döwletleriň ählumumy ýörelgelere ygtyýarlyk babatda bitewüleşmegidir. Dostluk — adamzadyň ýakynlaşmagynyň ýoly. Dostluk — asylly ýörelgeleriň edebi dowam etmeginiň ýoly. Häzirki wagtda halkara giňişligindäki dostlukly gatnaşyklar ösüşleri ýaýbaňlandyrmaga amatly ýagdaýy döredýär. Adamzadyň döreden beýik taglymatlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň ýoly hem dostlukdadyr” diýip, belleýär.

Dogrudan hem, türkmen halky geçmiş taryhynda özüni parahatsöýüji we päk ýürekli halk hökmünde tanatdy. Bu umumadamzat gymmatlyklary özünde jemleýän ynsanperwer ýörelgeler häzirki wagtda hem Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň esasy hasaplanýar.

Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň täze eserinde Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýurdumyzyň durmuş ugurly ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmekdäki ähmiýeti beýan edilýär. Bitaraplyk güni biziň üçin aýratyn taryhy senedir. Bu beýik senede berkarar Watanymyzyň şanly geçmişi, üstünliklere beslenen häzirki güni hem-de beýik geljegi jemlenendir. Toýlary-toýlara ulaşýan gözel Diýarymyzda şanly seneleriň giň gerime eýe bolmagy parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiziň Ýer ýüzünde dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip atlandyrylmagy ýurdumyzda Watanymyzyň Bitaraplyk derejesine uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty  döwletimiziň Bitaraplyk derejesinden gözbaş alýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyza ajaýyp zamanamyzy peşgeş beren, edebi mirasymyzy täzeden janlandyran, tutuş adamzadyň ruhy gymmatlygy bolan kitaba belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň ömri uzak bolsun! Şeýle ajaýyp kitaplaryň höwri köp bolsun!


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.