2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli «Häzirki zaman döwlet dolandyryşy: bilim, ylym, tejribe» atly halkara ylmy-amaly forum geçirildi. Sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen foruma daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory bu forumda çykyş edip, ilki bilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasynyň rektoryny we professor-mugallymlaryny Akademiýanyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Olara berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, Akademiýanyň halkara derejede at-abraýynyň has-da belende galmagyny arzuw etdi.
Çykyşynyň dowamynda Akademiýanyň rektory Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary hem-de Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn dostlukly hyzmatdaşlygyň we döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygy barada aýdyp geçdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylda Belarus Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda akademiýalaryň rektorlarynyň arasynda bilelikdäki hyzmatdaşlyk barada teswirnama gol çekildi. Bu möhüm ähmiýetli resminama laýyklykda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Magistrleri we döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, olaryň hünärini ýokarlandyrmak, şeýle hem okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanyp sapak bermek, döwlet dolandyryşynyň ylmy esaslary boýunça özara tejribe alyşmak we beýleki gyzyklanma bildirilýän meseleler hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen 2021-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Watanymyz durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini dowam edýär, halkara gatnaşyklary ulgamynda tutýan ornuny barha pugtalandyrýar.
A.Annamyradow belarus kärdeşlerini şanly sene bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlap öz çykyşyny tamamlady.
Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasynyň rektory hem öz gezeginde çykyşy üçin A.Annamyradowa öz minnetdarlygyny beýan etdi we türkmen kärdeşlerine özüniň iň gowy arzuwlaryny ýollady
