2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bilelikde guramagynda çäre geçirildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň dürli görnüşlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, beden hem-de ruhy taýdan kämil ýaş nesli ösdürip ýetişdirmek boýunça geçirilýän işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanda ynsan saglygynyň pugtalandyrylmagy, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we ýokary derejeli dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün etmek durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.
Türkmenistanda sporty goldamak we ilatyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kämilleşdirmek hem-de türkmen sportuny has-da belende götermegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny döretmek maksady bilen, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu çäreleriň hemmesi ilatyň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga hem-de türkmen sportuny dünýäde öňdäki orunlara çykarmaga gönükdirilendir.
Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ýurdumyzda köpugurly düzüm döredildi. Munuň özi halkara ölçeglere kybap gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini görkezýär.
Çykyşlarda milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti bellenildi, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde häzirki zaman sport-sagaldyş, saglygy goraýyş merkezleriniň gurulmagy şol işleriň möhüm ugurlarynyň biridir.
Çärä gatnaşyjylar mähriban halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
