2021-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda işleýän aýal-gyzlara we iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bellenilişi ýaly, Watanymyzyň gülläp ösmegine, toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, ýaş nesilleriň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelenmegine, pederlerimiziň ýagşy dessurlarynyň täze eýýamda saklanmagyna we dowam etdirilmegine goşant goşýan bagtyýar aýal-gyzlarymyz üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däpler dowam etdirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlar uly hyzmatlary bitirýär, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýärler.
Dabara gatnaşyjylar mähriban halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler!
