Okuw maslahaty geçirildi

2021-nji ýylyň 1-2-nji marty aralygynda we 4-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy Laçyn Hudaýberdiýewa tarapyndan «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň işgärleri bilen Resminama dolanyşygy we arhiw işi boýunça onlaýn görnüşinde okuw maslahaty geçirildi.

Agentligiň işgärlerine resminamalar bilen bagly düşünjeler, resminamalary taýýarlamagyň we doldurmagyň kadalary, resminamalaryň görnüşleri, resminama dolanyşygynyň guralyşy, arhiwiň resminamalarynyň düzümi, arhiwiň esasy wezipeleri, arhiwiň ýerine ýetirýän işleri, arhiwiň hukuklary, arhiwçiniň esasy wezipeleri we borçlary, arhiwçiniň hukuklary we jogapkärçiligi öwredildi. Şeýle-de «Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny barada gürrüň berildi.

Okuw maslahaty dolandyryşyň resminamalaýyn üpjünçiligini ýeke-täk kadalaşdyryjy hukuk we usulyýet esasda guramak, kämilleşdirmek hem-de dolandyryş resminamalarynyň düzümini we görnüşlerini we olar bilen işlemegiň tehnologiýasyny bir nusga getirmek arkaly onuň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirildi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.