Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanymyza wepaly gulluk etmelidir» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny we onuň ähmiýetini düşündirmek, döwlet gullugyna höweslendirmek, ýaşlaryň hukuk bilimlerini artdyrmak, ýaşlarda şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza bolan söýgüni artdyrmak maksady bilen bilen 2021-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda «Ýaşlaryň döwlet gullugyna girmeginiň meseleleri» atly «tegelek stol» görnüşindäki duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Elguş awçylarynyň milli jemgyýetiniň müdiri, hukukçy Ata Eýeberdiýew «Ýaşlary terbiýelemekde ahlak gymmatlyklaryň ähmiýeti» atly tema bilen çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, ýaşlaryň ykdysady hukuklaryny berkitmek, zähmet bilen meşgullanmagyny üpjün etmek we olaryň alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy we döredijilik çygrynda ulanmak üçin has amatly şertleri döretmek, ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň esas goýujy taglymatlaryna, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet syýasatynyň häzirki zaman ugurlaryna ýaş raýatlaryň doly düşünmegini gazanmak Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy maksatlary bolup durýar.
Duşuşyga gatnaşyjylar mähriban halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler!
