2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Onlaýn-duşuşyga Akademiýanyň ýolbaşçylary, mugallymlary we diňleýjileri, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar.
Interaktiw söhbetdeşlikde ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatda öz beýanyny tapan baş maksada – Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygynyň gazanylmagyna gönükdirilendir.
Konstitusiýamyza girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Kanun kabul edildi. Şu Kanuna laýyklykda, ýurdumyzda iki palataly parlament döredildi. Onuň döredilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, hukuk we dünýewi esaslaryny berkitmäge, häzirki zaman şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman şertlerinde maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary okgunly ösüşe eýe bolup, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň esasy ulgamlarynyň ählisinde giňden ulanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu konsepsiýa ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň we durmuş ulgamynyň netijeli hereket etmegini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän, mähriban halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdiler!
