Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2021-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan edildi we baýraklar bilen sylaglanyldy.
Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň sanly dolandyryş magistrlik okuwynyň talyby Aýna Bäşimowna Nurmyradowa (1-nji orun – noutbuk) we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi Şirin Muhammetdurdyýewna Şirliýewa (3-nji orun – telewizor) hem bar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!
