Döwlet synaglary başlady

2021-nji ýylyň 23-nji iýununda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlarynyň (okuwyň möhleti iki okuw ýyly) diňleýjileri üçin döwlet synaglary başlady.

Şol gün diňleýjiler «Sanly ykdysadyýet we döwlet dolandyryşynda sanly ulgamlar» dersinden döwlet synagyny tabşyrdylar. Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär. Döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň sanlylaşdyrylmagyny ösdürmäge, ykdysadyýetiň wajyp pudaklaryny we döwlet edaralaryny sanlylaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalara maýa goýumlarynyň goýulmagyna uly ähmiýet berilýär.

Döwlet synagynynyň netijeleri «Sanly ykdysadyýet we döwlet dolandyryşynda sanly ulgamlar» dersini diňleýjileriň oňat özleşdirendigini hem-de olaryň bu möhüm ugur boýunça bilim derejesiniň ýokarlanandygyny şertlendirdi. Diňleýjilere öňde nobatdaky döwlet synaglary garaşýar. Olara üstünlik gazanmaklaryny arzuw edýäris!

Ýurdumyzda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy babatynda ähli zerur şertleri döredip berýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.