2021-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwynda (okuwyň möhleti iki okuw ýyly) 2019/2020-nji we 2020/2021-nji okuw ýyllarynda okap bilim alan diňleýjilere dabaraly ýagdaýda diplomlar gowşuryldy. Bu bolsa Akademiýanyň durmuşynda möhüm waka öwrüldi.
Çärä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň uçurymlary tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ýurdumyzda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy babatynda ähli zerur şertleri döredip berýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!
