Ylmy-amaly maslahat geçirildi

2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň döwlet gullugy ulgamyndaky özgertmeler» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň döwlet gullugy ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly işler geçirilýär, döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda alnyp barylýan işler netijesinde bilimli, ýokary aň-düşünjeli, giň gözýetimli we giň dünýägaraýyşly döwlet gullukçylary kemala gelýär.

Çykyşlarda döwlet gullukçylarynyň etikasyny ýokarlandyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Olar türkmen halkynyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, şol sanda birek-birege hormat goýmak däplerine eýerip, özüňi alyp barmagyň ähli kadalaryny berk berjaý etmelidirler. Her bir gullukçy watansöýüjilik, halallyk, işe jogapkärçilikli çemeleşmek ýaly häsiýetleri özünde jemlemek bilen, nusgalyk görelde bolmalydyr.

Ýurdumyzyň döwlet gullugy ulgamyny özgertmek, kämil döwlet gullukçylaryny taýýarlamak babatda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn!


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.