Düzgünleri berjaý edeliň!

Düzgünleri berjaý edeliň!

Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça 2021-nji ýylyň 1 – 30-njy sentýabry aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda düşündiriş we wagyz-nesihat işleri geçirildi.

Ilatyň arasynda, şol sanda ýaşlaryň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilmegi üçin wagyz-nesihat we öwüt-ündew çärelerini geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň möhüm ähmiýeti bar. Köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň, kadalarynyň oňa gatnaşyjylar tarapyndan gyşarnyksyz we dürs berjaý edilmegi asudalygyň hem-de abadançylygyň berkarar bolýan ýurdumyzda watandaşlarymyzyň bu işe has-da jogapkärli çemeleşýändigini şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ajaýyp şaýollarynda, köçelerinde hem-de welaýatlaryň ýollarynda awtoulaglaryň hereketini düzgünleşdirýän we sanly tehnologiýalar esasynda işleýän üç öýjükli ýol yşyklarynyň bolmagy, köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berýän hem-de sanly tehnologiýalar esasynda işleýän ugrukduryjy belgileriň elektron ekranlarda (monitorlarda) görkezilmegi, owadan bezegli we döwrebap yşyklandyryjy ýol çyralarynyň örän köp sanlysynyň işläp, ýagtylygyň zerur derejesini üpjün etmegi köçe-ýol hadysalarynyň döremeginiň öňüni almakda, şeýle hem paýtagtymyzyň ajaýyp keşbiniň gözelligini has-da artdyrmakda örän uly ähmiýete eýedir.

Adam hakyndaky aladany baş wezipe hökmünde öňe sürýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda durmuşa geçirýän işleri hemişe rowaç alsyn!


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.