Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan maslahat

Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan maslahat

Hormatly Prezidentimiz döwlet gullukçylary barada eden her bir çykyşynda döwlet gullukçylarynyň etikasyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtaýar. Olar türkmen halkynyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, şol sanda birek-birege hormat goýmak däplerine eýerip, özüňi alyp barmagyň ähli kadalaryny berk berjaý etmelidirler.

2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda «Magtymguly Pyragynyň gylyk-häsiýet we ahlaklylyk baradaky garaýyşlary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlary we diňleýjileri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, «Garagum» žurnalynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasy bar. Şahyryň döredijilik tematikasy örän giň, özi hem söýgi, il-gün hem gahrymançylyk, gylyk-häsiýet, ahlak hakynadaky, dünýä barada pikirlenmelere degişli goşgulary bar. Magtymgulynyň haýsy goşgusyny alsaň-da, ol hemişe diýen ýaly diňe bir tema bagyşlanman, onuň içinde birnäçe mesele, şol sanda gylyk-häsiýet we ahlak hakynadaky mesele hem gozgalýar.

Akyldaryň «Içen ýalydyr», «Dag saýar», «Ýaraşmaz», «Ýakança bolmaz», «Söhbet ýagşydyr», «Ýagşy at galsyn», «Janyna degmez», «Är ýanynda bellidir», «Görüm görülmegin ýerde», «Durasyň geler», «Mert biläni», «Gerekdir», «Ýolun aňlamaz», «Özüňden», «Paş eder seni», «Sazyna degmez» atly we beýleki goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda bellenip geçildi.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede guramaçylykly belleniler.

Magtymguly Pyragynyň dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, XVIII – XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ýurdumyzyň ösdürilmegine hem-de halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.