Ýurdumyzyň bilim ulgamynda, şeýle-de döwlet gullugy we ýokary derejeli döwlet gullukçylaryny taýýarlamak boýunça berilýän bilimleri kämilleşdirmek maksady bilen halkara tejribesi öwrenilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça köp sanly taýýarlyk okuwlary, maslahatlar, duşuşyklardyr konferensiýalar geçirilýär.
2021-nji ýylyň 17-nji awgustyndan 6-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary hem diňleýjileri Singapuryň Döwlet gullugy kollejiniň (Civil Service College) guramagynda halkara okuw türgenleşigine gatnaşdylar.
“9th Temasek Foundation Governance and Public Administration Programme” atly taslamanyň çäklerinde geçirilen bu okuw türgenleşiginiň esasy maksady Aziýa ýurtlarynyň döwlet gullugynyň dolandyrylyşynyň we ýolbaşçylarynyň öňdebaryjy tejribelerini paýlaşmakdan ybaratdyr. Okuw türgenleşigine Singapuryň, Indoneziýanyň, Kambojanyň, Malaýziýanyň, Nepalyň, Taýlandyň, Mýanmanyň hem-de Filippin döwletleriniň döwlet dolandyrylyşynyň wekilleri-de gatnaşdylar.
Singapuryň Döwlet gullugy kollejiniň guramagynda geçirilen halkara okuw türgenleşigine gatnaşyjylar döwlet gullugynyň işini döwrebaplaşdyrmak babatda Singapur döwletiniň dolandyryş esaslary; dünýä ykdysadyýetiniň çökgünligi we Singapur hökümetiniň çemeleşmeleri; döwlet gullugyny, jemgyýetçilik hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin sanly tehnologiýany ulanmak; sanly tehnologiýalary ulanmaklyga taýýarlyk we döwlet gullugynyň ygtybarlygyny üpjün etmek; döwlet gullugynda adam kapitalyny ösdürmek; sanly jemgyýeti, “Ýaşyl” we ygtybarly geljegi gurmak baradaky öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdyryldy. Okuwlar onlaýn aragatnaşyk arkaly iňlis dilinde geçirildi.
Okuwyň dowamynda döwlet gullugynyň dolandyrylyşyny hem-de onda ýüze çykýan meseleleriň özara baglanyşygyny şertlendirýän halkara tejribesinde gazanylan giňişleýin maglumatlar mysal hökmünde getirildi. Şeýle-de okuw türgenleşigine gatnaşanlar bilen özara pikir alşyldy.
Wirtual okuwlara gatnaşan diňleýjiler şeýle gürrüň berýärler:
— Taslamanyň çäklerinde guralan bu okuw biziň döwlet gullugy boýunça alýan bilimlerimizi has-da çuň özleşdirmäge oňyn täsir etdi. Şeýle okuwlaryň ýygy-ýygydan guralmagy diňe bir halkara bilim hyzmatdaşlygyny berkitmän, döwlet gullugy boýunça syýasy garaýyşlarymyzy ösdürýär. Galyberse-de, daşary ýurt dili boýunça sözleýiş endiklerimizi kämilleşdirmäge oňyn täsir edýär.
Üç hepdeläp dowam eden wirtual okuw türgenleşiginiň geljekki döwlet gullugyndaky hünär işimize başarnykly çemeleşmäge mümkinçilik berjekdigine ynamymyz kämildir.
Umuman, halkara okuw türgenleşigi işjeň häsiýete eýe bolup, çykyş edenleriň mowzuklaýyn sapaklary diňleýjilerde uly gyzyklanma döretdi. Okuw türgenleşiginiň ahyrynda oňa işjeň gatnaşan diňleýjilerden Rustam Artykowa, Pena Ataýewe, Aýna Pigamowa Singapuryň Döwlet gullugy kollejiniň ýörite sertifikatlary gowşuryldy.
