Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işleri wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda 2021-nji ýylyň 10-njy noýabrynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlary we diňleýjileri, şeýle-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy işjeňleşdirmek wezipeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösdürilmegi, oňa jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şeýle-de adamlaryň talabalaýyk iýmitlenmegini we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmak babatda bellenen çäreleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işler geçirilýär.
Çärä gatnaşyjylar mähriban halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler!
