2021-nji ýylyň 18-nji noýabrynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda okuwlary sanly bilim ulgamyna geçirmegiň meseleleri» atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlary, hünärmenleri, diňleýjileri we talyplary gatnaşdylar.
Sanly kommunikasiýa ýaýlymlary, emeli aň, robotlaşdyrmak häzirki döwrüň esasy serişdelerine öwrülýär. Şol bir wagtyň özünde öňdebaryjy tehnologiýalar ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň çözgüdine döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» gönükdirildi. Onuň durmuşa geçirilmegi maglumat bilim gurşawynyň döredilmegini, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny, halkara ülňüleriň derejesinde ugurdaş usullaryň kämilleşdirilmegini öz içine alýar.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlary bilim işinde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ulanýarlar. Bilimiň hilini kämilleşdirmek maksady bilen, okuw sapaklary özleşdirilende hem-de alnyp barylýan ylmy-barlag işlerde diňleýjileriň we talyplaryň döwrebap sanly tehnologiýalardan peýdalanmak endiklerini has-da berkitmek meselesine aýratyn ähmiýet berilýär.
Kitaphanalaryň sanlylaşdyrylmagy bu ugurda esasy orny eýeleýär. Häzir okamagyň mümkinçilikleri düýpli özgerdilýär. Okuw maslahatynyň barşynda oňa gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar mähriban halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler!
