2022-nji ýylyň 26-28-nji ýanwarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş baradaky agentliginiň “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” atly taslamasynyň çäklerinde “Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny kämilleşdirmegiň möhüm meseleleri” boýunça göni wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty Aşgabat Gazna biržasy we Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda geçirildi. Bu okuw-maslahaty 2021-nji ýylyň 7-8-nji oktýabrynda geçirilen “Gazna biržalaryň halkara tejribesi we hukuk esaslary” atly birinji okuw-maslahatynyň tejribesine esaslanyp gurnaldy we Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny kämilleşdirmek boýunça ikinji onlaýn okuw-maslahaty bolup durýar.
Bu okuw-maslahatynyň dowamynda Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny kämilleşdirmek baradaky meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamagyň mümkinçiligi ara alyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjilerini we talyplaryny bu okuwa gatnaşmaga teklip edilende, olaryň hünär taýýarlygy we ýerine ýetirýän ylmy barlaglarynyň ugry göz öňünde tutuldy.
Onlaýn okuw-maslahatyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Merkezi bankynyň, «Aşgabat Gazna biržasy» ÝGPJ-niň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Aşgabat Gazna biržasynyň müdiri Nurgeldi Meredow we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş baradaky agentliginiň Türkmenistandaky wekili Hanym Nino Nadiradze gatnaşýanlara onlaýn okuwyň ähmiýeti barada belläp geçdiler.
Soňra halkara hünärmenler Mundaugas Bakas we Giorgi Paresişwili Polşa we Gruziýa döwletleriniň mysalynda Gymmatly kagyzlar bazarynyň infrastrukturasy, Maliýe gurallary bazarynyň umumy aýratynlyklary, Geljekdäki şertnamalar, Opsiýalar şertnamalary, Maýa goýum bazarlarynyň täze ekosistemasyny döretmek, gymmatly kagyzlary saklamak şertleri, merkezi bank töleg ulgamyndaky üýtgeşmeler atly temalar boýunça okuw maslahatyny geçirdiler.
Okuwyň dowamynda halkara bilermenler Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny kämilleşdirmegiň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bilermenler okuwa gatnaşyjylara halkara tejribeleri barada gürrüň berdiler.
Umuman, geçirilen okuwlar diňleýjiler üçin täsirli bolup, gymmatly kagyzlar bazaryny kämilleşdirmegiň halkara tejribelerini giňişleýin öwrenmäge mümkinçilik berdi.
