Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramakda diplomatik işgärleriň orny

2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramakda diplomatik işgärleriň orny» atly maslahat geçirildi. Maslahata akademiýanyň mugallymlary we diňleýjileri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dosenti Çary Nyýazow, şol institutyň Strategiýa merkeziniň direktory Şiri Şiriýew, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine örän ýokary talaplaryň bildirilýändigi maslahatyň barşynda üns çekilen esasy meseleleriň biri boldy. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan ugur alyp, türkmen diplomatlary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji daşary syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak maksady bilen, öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda yzygiderli işleri geçirýärler.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, diplomatiýa döwletiň daşary syýasatyny durmuşa geçirmegiň sungatydyr. Ol, esasan, iki görnüşde amal edilip bilner. Şolaryň birinjisi ynandyrmak, ylalaşmak arkaly öz maksadyna ýetýär. Şunda, ilkinji nobatda, sözüň kömegi bilen jedelli meseleleriň, gapma-garşylyklaryň öňüni almak göz öňünde tutulýar. Munuň özi islendik diplomatyň her günki adaty işi bolup durýar. Häzirki zaman dünýäsinde ähli zat her pursatda özgerip hem üýtgäp durýar. Şol üýtgeşmeleriň esasy ugurlaryny öňünden çaklap, olary yzarlap durmak bolsa diplomatik işiň ikinji bir görnüşidir. Bir döwlet ýa-da döwletleriň birnäçesi jemlenip, bolup geçýän özgerişleri özleri üçin bähbitli akyma ugrukdyrmagyň ýollaryny gözleýärler. Oňa bolsa diplomatiýada «dialog» diýilýär. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, dialog – parahatçylygyň kepili. Bu filosofiýa indi birnäçe ýyldan bäri Türkmenistanyň daşary syýasatynyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň logiki dowamyna öwrüldi. Häzirki wagtda türkmen diplomatlary halkara gatnaşyklarda bu filosofiýany ilerletmegiň üstünde işleýärler.

Öňüni alyş diplomatiýasyna, onuň parahatçylygy pugtalandyrmak, ýüze çykýan meseleleri syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmegiň, parahatçylyk döredijilik hem-de ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmak çäreleri ýaly gurallarynyň netijeli ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň işjeň daşary syýasat ugry örän möhüm halkara meseleleri çözmekde, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmakda ýurdumyzyň uly kuwwatynyň bardygyny tassyklaýar.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine hemişe aýratyn üns berilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.