2023-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde «Türkmenistanyň sanly ykdysadyýete geçmeginde ýaş hünärmenleriň tutýan orny» atly «tegelek stol» görnüşindäki duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga akademiýanyň mugallymlary, diňleýjileri we talyplary, Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň sanly ykdysadyýete geçmeginde ileri tutulýan ugurlar boýunça ähmiýetli meselelere seredildi. Diňleýjilere we talyplara innowasion tehnologiýalar barada döwrebap bilim bermegiň ýolunda möhüm ähmiýete eýe bolan bu duşuşygyň barşynda degişli çykyşlar diňlenildi. Bu bolsa duşuşygyň täsirliligini has-da artdyrdy.
Duşuşykda edilen çykyşlarda innowasion tehnologiýalar boýunça giňişleýin maglumatlar berildi. Çykyşlarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň amaly we usulyýet meseleleri möhüm orun eýeledi. Myhmanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda sanly dolandyryşy ornaşdyrmakda alnyp barylýan okuw-usulyýet we ylmy-barlag işlerine ýokary baha berdiler. Bu işleriň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ähmiýetiniň uludygy bellenildi.
Ýeri gelende bellesek, bu ugurdaky öňde durýan wezipeleri amala aşyrmaga goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda magistr bilim maksatnamasynyň ykdysadyýet we dolandyryş ugry boýunça taýýarlygyň Sanly dolandyryş ugry girizildi. Akademiýada Sanly dolandyryşyň magistr ugrunyň açylmagy geljekki hünärmenleri taýýarlamak işiniň kämilleşmeginde täze tapgyry alamatlandyrdy.
Geçirilen duşuşyk diýseň täsirli bolup, onda edilen çykyşlar özüniň ylmy täzeçilligi, derwaýyslygy, bilim, sanly tehnologiýalar ulgamynda ýaş hünärmenleriň tutýan ornuny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendigi bilen tapawutlandy.
Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
