Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi hem-de hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmeginde möhüm ädimdir. Çünki halkyň sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik hemrasyna öwürmegi döwletiň ösüşiniň baş şertidir. Hut şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda her ýylyň 7-nji aprelini Bütindünýä saglyk güni hökmünde uly şowhun bilen bellemek asylly däbe öwrüldi.
Şu ýyl Bütindünýä saglyk gününiň 75-nji gezek bellenip geçilmegi ynsanyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyň ähmiýetini wagyz etmekde diýseň çuň many-mazmuna eýedir. Aslynda,Bütindünýä saglyk gününiň her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilmegi tötänlik däldir. Çünki 1948-nji ýylyň şol güni häzirki wagta çenli 194 döwleti agzalygyna kabul eden Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi.
Eziz Diýarymyz Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler hemişe hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde saklanýar. Munuň özi şu ugurlaryň sazlaşykly hem okgunly ösüşini şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaş nesliň beden taýdan işjeňligini saklamaga, türkmenistanlylaryň saglygyny dikeltmäge hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýän çärelere uly ähmiýet berýär. Ine, şunuň esasynda hem, ýurdumyzda şeýle çäreleriň köptaraply ähmiýeti we many-mazmun taýdan çuňlugy diýseň möhüm orna eýedir. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralýan çärelere gatnaşmaga isleg bildirýän watandaşlarymyzyň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň ýylyň-ýylyna artmagy wagyz-nesihat etmek işiniň ýokary derejesini görkezýär. Çünki Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän bedenterbiýe-sport çäreleri döwletiň ynsan saglygy hakyndaky köptaraply aladasynyň beýanydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleridir diňleýjileri we talyplary hem sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen giňden meşgullanýarlar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan dabaralar uly şowhuna beslendi. Döwlet gullugy akademiýasynyň işgärleriniň hem-de bu ýerde bilim alýan diňleýjileriň we talyplaryň gatnaşmagynda geçen futbol, küşt we şaşka ýaryşlary hemmelere ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady.
Ýaryşda tapawutlanan toparlara Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bu ýerde halkymyzyň saglygy hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna alkyş hem hoşallyk sözleri beýan edildi.
Nurnepes Begmedow,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Türkmen sporty gazeti - 2023-nji ýylyň 8-nji apreli, şenbe
