Sport täzelikleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda 2023-nji ýylda geçirilmeli çäreleriň iş meýilnamasyna laýyklykda, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň guramagynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi – il saglygynyň girewi» atly wagyz-düşündiriş, bedenterbiýe we sport çäresi geçirildi.

Çärä Akademiýanyň mugallymlary, diňleýjileri we talyplary gatnaşdylar. Sportuň birnäçe görnüşi boýunça geçirilen bäsleşikler çekeleşikli häsiýeti bilen tapawutlandy we gatnaşyjylaryň taýýarlykly gelendiklerini ýüze çykardy. Akademiýanyň mugallymlaryndan, diňleýjilerinden we talyplaryndan düzülen toparlar futbol, küşt we şaşka boýunça öz aralarynda güýç synanyşdylar. Oýunlarda ökdeler öňe saýlandy.

Sport ýaryşlarynyň netijelerine laýyklykda, akademiýanyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň adyndan ýeňiji bolan toparlara we ezberligi bilen tapawutlanan oýunçylara degişlilikde kuboklar we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine çekmekde hem-de olaryň äň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda geçirilen sport çäresi netijeliligi bilen tapawutlandy.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýlip atlandyrylýan ösüşiň häzirki tapgyrynda mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow adamyň saglygynyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydygyny aýratyn nygtaýar. Bu babatda saglygy goraýyş we sport ýaly möhüm durmuş ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler bellärliklidir. Bu ulgamlar adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakda, keselleriň öňüni almakda, kesellere garşy durnuklylygy ýokarlandyrmakda hem-de türkmenistanlylaryň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde wajyp orny eýeleýär.

Şeýlelikde, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, sporty hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirilýän köpugurly syýasatyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Çünki halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň baş baýlygy bolup durýar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.