Uzak aralykdan bilim berilmeginiň mümkinçilikleri

«Açyk gapylar» syýasaty netijesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik alyp, öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda innowasion usullardan peýdalanyp okuw işini guramagy yzygiderli kämilleşdirýärler.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» atly taslamanyň çäklerinde 2023-nji ýylyň 3-5-nji apreli aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly «Distansion okuwyň esaslary» atly okuw maslahaty geçirildi.

Çäräniň maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň wekilleriniň halkara bilermen tarapyndan taýýarlanan «Distansion okuwyň esaslary» atly okuw gollanmasyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.

Uzak aralykdan bilim almak – häzirki zaman aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagynda uzak aralykdan bilim almak. Internete birikdirilen ykjam okuw tehnologiýalary okyjylara islän wagtynda, islendik ýerde öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şu günki gün maglumat we bilim ykdysady ösüşiň esasyny düzýär. Ýurdumyzda sanly bilimiň ösdürilmegi netijesinde okuw maksatly dürli maglumat çeşmeleri, ýagny giperkolleksiýalar (media, wideo, ses, biblio, surat, grafika, animasiýa), uly maglumat gorlary, bilim portallary, internet sahypalary döredildi.

Ýokary okuw mekdepleriniň internet bilim portallaryna elýeterlilik internete birikdirilen kompýuter tehnikalarynyň we ykjam gurluşlaryň (noutbuklaryň, netbuklaryň, planşetleriň, smartfonlaryň) üsti bilen uzak aralykdan gije-gündiziň dowamynda üpjün edilendir. Intranet we internet bilim portallarynda ýokary okuw mekdebiniň elektron okuw toplumlary (okuw dersleriniň temalary boýunça umumy, amaly, tejribe sapaklarynyň materiallary, tanyşdyrmalar, özbaşdak işleriň ýumuşlary, wideo we audio ýazgylar), okuw sapaklarynyň tertibi, olimpiadalar, elektron kitaphana we beýleki möhüm maglumatlar ýerleşdirilýär.

Ara alnyp maslahatlaşylan okuw gollanmasynda okatmakda sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyna, uzak aralykdan bilim berilmeginiň we maglumat alşylmagynyň doly ýola goýulmagyna, bilim maksatnamalaryna uzak arylykdan ders okatmagyň kadalarynyň girizilmegine, mugallymçylyk tärleriň kämilleşdirilmegine uly orun berilýär.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.