Milli bilim ulgamyna dünýä standartlarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Türkmenistanda BMG-niň beýleki ugurdaş düzümleri bilen hem bilelikdäki işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda guralýan köp sanly çäreler munuň mysalydyr. Şolaryň hatarynda BMG-niň ýurdumyzdaky edaralarynyň wekilleriniň hem-de halkara bilermenleriň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahatlary görkezmek bolar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» atly taslamanyň çäklerinde 2023-nji ýylyň 22-24-nji fewralynda wideoaragatnaşyk arkaly «Sertifikat bermegi göz öňünde tutýan gysga möhletli okuwlaryň okuw meýilnamalaryny we usuly gollanmalaryny taýýarlamak» atly okuw maslahaty geçirildi. Çäräniň maksady sanly ykdysadyýet we maglumat ulgamlary boýunça dersleri okadýan mugallymlary halkara tejribe bilen tanyşmakdan ybarat boldy. Okuw maslahatyna Akademiýanyň mugallymlary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Turuwbaşdan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň halkara bilermeni Ýuriý Çumak maslahata gatnaşyjylary okuw meýilnamasynyň mazmuny bilen tanyşdyrdy. Okuwyň dowamynda bilermen maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryna (MAT) we sanly ykdysadyýete giriş, MAT boýunça adalgalar, kadalaşdyryjy hukuk namalary, Türkmenistanyň döwlet gullugyny sanlylaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk we sanly gigiýena, Microsoft Excel/ Word/ PowerPoint programmalaryny ulanmak, maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň häzirki zaman trendleri, Agile we Waterfall usullar, önümi dolandyrmak, sanly üýtgetmeleri dolandyrmak, programma üpjünçiligini döretmegiň gurallary we tehnologiýalary, maglumat ulgamlary üçin enjam talaplary, maglumat ulgamlaryny ýerleşdirmek we gerimini giňeltmek temalary boýunça sapak berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde geçirilen maslahatyň okuw-usuly taýdan ähmiýeti bellenmäge degişlidir. Sebäbi islendik okuwyň hili kämil işlenip taýýarlanylan okuw meýilnamalaryna bagly bolup durýar. Okuw işini guramakda oýlanyşykly işlenip taýýarlanylan usuly gollanmalara hem möhüm orun degişlidir.
Ýokarda agzalan taslamanyň çäginde 2023-nji ýylyň 22-24-nji fewralynda wideoaragatnaşyk arkaly üstünlikli geçirilen «Sertifikat bermegi göz öňünde tutýan gysga möhletli okuwlaryň okuw meýilnamalaryny we usuly gollanmalaryny taýýarlamak» atly okuw maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribe esasynda okuwa, ylmy işlere innowasion usullary ornaşdyrmak, ylmy-mugallymçylyk işgärleriniň taýýarlygyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň barha ýaýbaňlanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
