Sanly ykdysadyýet baradaky bilimler ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, XXI asyrda sanlylaşdyrma hadysasy dünýä ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda sanly bilim ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, şol sanda adamlaryň gündelik durmuşyna, hünär işine barha işjeň ornaşýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek bilen, öz çykyşlarynda döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly ulgamyň, maglumat tehnologiýalarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini yzygiderli nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet dolandyryş we döwlet hyzmat ediş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmaga, olaryň adamlar üçin elýeterli bolmagyna mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» atly taslamanyň çäklerinde 2023-nji ýylyň 27-31-nji marty aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly «Sanly ykdysadyýetde global trendler» atly okuw maslahaty geçirildi.

Çäräniň maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bölümleriniň ýolbaşçylaryny we hünärmenlerini sanly ykdysadyýet hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy babatda halkara tejribesi bilen tanyşdyrmakdan ybarat.

Okuw maslahatynyň dowamynda özleşdirilen temalar ýokarda agzalan ýolbaşçylaryň we hünärmenleriň sanly ykdysadyýet baradaky esasy düşünjelerini, sanly özgertmeleri we sanly gurallary döwlet gullugyna ornaşdyrmagyň ähmiýeti, programma üpjünçiligi hem-de hyzmatlar, maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk baradaky bilimlerini artdyrmaga, gözýetimlerini has-da giňeltmäge ýardam berer.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.