Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuw meýilnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň möhleti iki aýlyk hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwynyň 2022/2023-nji okuw ýylynyň dördünji möwsüminiň diňleýjileri Türkmenistanyň Mejlisinde önümçilik tejribesini geçdiler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi boýunça milli parlamentiň iş toparlarynyň alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we öňdebaryjy halkara iş tejribesinden ugur alnyp, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tekliplerini seljermek esasynda birnäçe kanunçylyk taslamalary taýýarlanyldy. Olara 2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji maslahatynda garaldy hem-de kabul edildi.
Hususan-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe Kanunlaryň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Bellenilişi ýaly, deputatlar ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň maksatlaryny we wezipelerini jemgyýetçilik köpçüligine düşündirmek üçin guralýan dürli çärelere, milli senenamamyzyň şanly seneleri mynasybetli dabaralara, maslahatlara, duşuşyklara gatnaşýarlar.
Mälim bolşy ýaly, döwrebap kanunçylyk sazlaşykly ösüşleriň binýady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda hukuk ugry boýunça okadylýan sapaklarda mugallymlar tarapyndan Türkmenistanyň Raýat kodeksi, şeýle-de Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi we beýleki kodeksler, «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki kanunlar, hukuk nazaryýeti we kanunçykaryjylyk işi, hukuk işinde öňdebaryjy usullary giňden ulanmagyň ähmiýeti barada giňişleýin düşündirişler berilýär.
