Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuw meýilnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň möhleti iki aýlyk hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwynyň 2022/2023-nji okuw ýylynyň dördünji möwsüminiň diňleýjileri 2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynda önümçilik tejribesini geçdiler.
Onuň dowamynda hünärmenler agzalan toparyň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary barada gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, saýlaw möwsümi bilen baglylykda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirilýär. Onda degişli saýlawlara taýýarlyk görmek baradaky meselelere garalýar. Mejlise merkezi saýlaw toparlarynyň agzalary, merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.
Mejlisiň gün tertibine öňde boljak saýlawlary geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler girizilýär. Hususan-da, Merkezi saýlaw topary saýlawlara taýýarlyk görmek we olary geçirmek boýunça çäreleriň gündelik meýilnamasyny tassyklaýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kabul eden kararyna laýyklykda, saýlaw möwsümine badalga berilýän sene yglan edilýär. Saýlawlary boýunça saýlaw okruglary, hususan-da, Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda döredilýär. Bu okruglaryň san belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri baradaky maglumatlar merkezi we ýerli metbugatda çap edilýär.
Mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar öňde boljak möwsümiň birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Saýlaw işleriniň geçirilişine diňe bir syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan milli synçylar däl, eýsem, halkara bilermenlerdir synçylar hem gözegçilik edýärler. Hususan-da, zerur resminamalar, şol sanda gollanmalar, gözükdirijiler, synçylar hem-de ýurdumyzyň raýatlary üçin dürli maglumatlar tassyklanýar, birnäçe saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw sapaklaryny geçmek meýilleşdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýokary raýatlyk işjeňliginiň subutnamasyna öwrüldi.
