Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda çykaran 415-nji karary bilen tassyklanan 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda guralan «Häzirki zaman etiki kadalary, dolandyryş işi we hukuk gatnaşyklary» atly gysga möhletli okuwy üstünlikli tamamlan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň ýaş hünärmenlerine hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyndaky ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlaryna dabaraly ýagdaýda şahadatnama gowşuryldy.
Okuw meýilnamasyna laýyklykda, ýaşlar «Häzirki zaman etiki kadalary», «Bazar ykdysadyýetiniň hukuk üpjünçiligi», «Jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ahlak kadalary», «Dolandyryş psihologiýasy», «Sagdyn-durmuş ýörelgeleri» atly dersler boýunça degişli sapaklary özleşdirdiler.
Gysga möhletli okuwlarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň we amala aşyrylýan taslamalaryň wajyplygy, türkmen jemgyýetinde döwletiň halk bilen iňňän sazlaşykly gatnaşygy (adam, jemgyýet we döwlet gatnaşygynyň sazlaşygy), makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek, hukuk nazaryýeti we kanunçykaryjylyk işi, pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem guramaçylyk, dolandyryş, hojalyk we hukuk işinde öňdebaryjy usullary giňden ulanmak, bazar ykdysadyýetiniň esasy düzümini düzýän sanly ykdysadyýeti hukuk taýdan düzgünleşdirmek, döwlet gullukçylarynyň etikasy, Watanymyzyň içeri we daşary syýasat ugry, daşary ykdysady aragatnaşygyň häzirki zaman gurluşy, milli medeni miras bilen bagly we beýleki derwaýys soraglara aýratyn üns berildi.
Şahadatnama gowşurmak dabarasynda çykyş edenler ýaş hünärmenleriň bilimini kämilleşdirmegiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşleriniň depginini ýokarlandyrmakda örän uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde hemmeleriň yhlasly we tutanýerli zähmet çekmelidigi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagyň her bir raýatyň jana-jan borjydygy bellenildi.
Dabaraly çäräniň barşynda çykyş edenler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaýbaňlandyrylan bu gysga möhletli okuwyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, ýaş hünärmenlere köp okap, kämilligiň belent basgançaklaryna ýetmegi, ylym-bilim dünýäsinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Munuň üçin zerur bolan ähli döwrebap mümkinçilikleri döredýän, şol sanda ýurdumyzda ýaş hünärmenleriň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berýän Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş aýdyldy.
