ÝAŞLARYŇ HÜNÄR DEREJESI ÝOKARLANDYRYLDY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 03-nji fewralynda çykaran 415-nji karary bilen tassyklanan 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyndaky ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň, Türkmenistanyň söwda toplumynyň, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edara kärhanalarynyň, Türkmenistanyň ykdysadyýet toplumynyň we bank ulgamynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyndaky edara kärhanalarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň we Arkadag şäheriniň häkimlikleriniň ýaş hünärmenleriniň arasynda «Häzirki zaman etiki kadalary, dolandyryş işi we hukuk gatnaşyklary» atly gysga möhletli okuw guraldy we şahadatnamalar gowşuryldy.

Okuw meýilnamasyna laýyklykda diňleýjiler «Häzirki zaman etiki kadalary», «Bazar ykdysadyýetiniň hukuk üpjünçiligi», «Jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ahlak kadalary», «Dolandyryş psihologiýasy», «Sagdyn – durmuş ýörelgeleri» atly dersleri özleşdirdiler. Şunda makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek, bazar ykdysadyýetini hukuk taýdan düzgünleşdirmek, döwlet gullukçysynyň etikasy, türkmen jemgyýetinde döwletiň halk bilen iňňän sazlaşykly gatnaşygy (adam, jemgyýet we döwlet gatnaşygynyň sazlaşygy) bilen bagly we beýleki derwaýys temalar okuwyň esasyny düzdi.

Mälim bolşy ýaly, sagdyn jemgyýet – bagtyýar geljegiň kepili. Şunuň bilen baglylykda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilatyň saglygyny berkitmek, sagdyn-durmuş ýörelgelerini jemgyýetimizde berkarar etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda guralan gysga möhletli okuwyň netijeleri ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda bilim ulgamynyň mümkinçilikleriniň işjeň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.