Konstitusiýa hukugy ugry boýunça magistrleriň nobatdaky goýberilişi boldy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň “Konstitusiýa hukugy” okuw ugry boýunça (okuwyň möhleti bir ýarym ýyl) okuwlaryny üstünlikli tamamlan uçurymlar magistrlik diplomlaryna eýe boldular.

Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylda Döwlet gullugy akademiýasynda Milli Liderimiziň goldawy esasynda birnäçe ugurlar boýunça magistrlik okuwlary ýola goýuldy. Şol sanda hukuk işi boýunça Konstitusiýa hukugy okuw ugry ýola goýlup, nobatdaky dördünji tapgyrynyň talyplary okuwlaryny üstünlikli tamamlap, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde öz zähmet ýollaryny dowam etdirmek üçin ýola rowana boldular. Bu uçurymlar okuw döwründe döwlet we jemgyýetçilik dolandyryşynda örän möhüm bolan hukuk ylymlarynyň we okuw dersleriniň birnäçesini özleşdirdiler. Bu alan hukuk bilimlerini tejribede berkitmek boýunça ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik edaralarynda tejribe önümçiliklerini geçdiler. Munuň özi bolsa, nazaryýetde alan bilimlerini tejribe bilen baglanyşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Şeýle hem bu okuw ugrunda okadylýan dersleriň çäklerinde talyplara dünýäniň ösen döwletleriniň onlarçasynyň hukuk ulgamlary, bu ugur boýunça tejribede gazanan üstünlikleri ylmy deňeşdirmeler esasynda ýokary derejede öwredilýär.

Diplom gowşurylyş dabarasyna Akademiýanyň mugallymlary gatnaşdylar. Bu şowhunly dabara gatnaşyjylar milli kasamy kabul etmek bilen, öz halkyna ajaýyp durmuşy bagyş eden Alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize jan-saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.