Türkmenistanyň Medeniýet diplomatiýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy-dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda sungatyň serhediniň ýokdugy hem-de onuň birleşdiriji güýji barada aýdylýar. Gahryman Arkadagymyz pähim-paýhasa ýugrulan bu ajaýyp kitabynda Şükür bagşy barada söz açyp, meşhur sazandanyň sungatyň güýji bilen ýesirlikde oturan agasyny azat edişini mysal getirip, şeýlelik bilen milli saz diplomatiýasynyň gudratyny beýan edýär.

Hakyky diplomatiýa – ählumumy derejede parahatçylygy berkarar etmekdir. Bu hakykatdanam şeýle, saz sungaty hem taryhyň dowamynda halklary baglanyşdyryjy, agzybirlige çagyryjy güýje eýe bolupdyr. Şeýlelik bilen sungat, türkmeniň hemişelik hemrasyna öwrülýär. Häzirki döwürde bu asylly ýörelgeleriň döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmegi, milli medeniýetiň çäginiň has-da giňelmegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşan mähriban halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny aýap saklamak, has-da baýlaşdyrmak we tutuş dünýäde giňden wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasaty, türkmen jemgyýetiniň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesini artdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny we ruhy bitewüligini aýawly saklamaga gönükdirilendir. Medeniýet ulgamynyň gazanan üstünlikleri sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge, şeýle-de giň halkara medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Şeýlelikde, dünýäniň dürli ýurtlarynda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirilip, onuň çäklerinde halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň we häzirki zaman sungat ussatlarynyň eserleriniň, amaly-haşam sungatyna degişli önümleriň sergisi, giňden ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi dünýäniň dürli ýurtlarynyň halklaryny, milli medeniýetimiz we halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden däp-dessurlary bilen, giňden tanyşdyrmaga zerur mümkinçilikleri üpjün edýär.

Ýeri gelende bellesek, medeniýet diplomatiýasy döwletiň daşary syýasatynda dostlugyň pugtalandyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hyzmat etmek bilen, bütindünýä medeni siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ol adamzadyň ruhy durmuşyndaky oňyn özgertmeleri açyp görkezýär. Şeýlelikde, medeniýet dünýä ýüzünde dostanalygy wagyz edýär. Munuň özi halkara giňişliginde sazlaşygyň üpjün edilmegini şertlendirýär. Türkmen halkynyň asyrlar boýy gelýän baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny giňden wagyz etmekde, dünýä halklaryny medeniýetde we sungatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmakda, halkara derejeli festiwallara,  möhüm orun degişlidir. Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň arasynda agzybirligi hem-de dost-doganlygy kemala getirmekde bu çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Bu bolsa Türkmenistanyň medeniýet diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Ata Watanymyzda ýokary guramaçylykly geçirilýän çäreler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alýandygyna, parahatçylyk söýüji syýasatynda esasy ýörelgesine öwürýändigine güwä geçýär. Parahatçylyk söýüji, hoşniýetli Bitaraplyk syýasaty, Türkmenistany dünýä döwletleriniň arasynda uly halkara abraýyna eýe edýär. Bitaraplyk derejesi iki gezek dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilip, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda medeni hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýär.

Ýakynda ýurdumyzda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Ýewropa medeniýetiniň Türkmenistandaky günleri geçirildi. Onuň çäklerinde belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar giňden ýaýbaňlandyryldy. Medeniýet we sungat ussatlary özleriniň hoş owazly aýdym-sazlary, joşgunly tanslary bilen parahatçylygy, dostlugy dünýäde netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalary giňden wasp edýärler. Bu bolsa diňe bir ýatda galyjy pursatlar bolman, eýsem, Türkmenistan dünýäniň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sungat halklary baglanyşdyrýan gymmatlyk hökmünde ykrar edildi. Şeýlelikde, Türkmenistanda milli medeniýetiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şatlyk-şowhuny, parahatçylykly gatnaşyklary, dostanalygy esasy ugur edinýän milli medeniýet Bitarap Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmek ugrunda amala aşyrýan işleriniň, bu ugruň has-da ösdürilmegi babatda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalarynyň senasy bolup, barha rowaçlyklara beslenýär.

Halklaryň arasynda dostluk köprüsini çekýän türkmen medeniýetiniň, sungatynyň binýadynyň berk bolup dünýä ýaýylmagy, gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň

Döwlet dolandyryş ugrynyň 1-nji ýyl talyby

Dünýägözel Täçmyradowa


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.