DÖWLET DEREJESINDE EDILÝÄN ALADA

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda 2024-nji ýylyň 5-nji martynda iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberinde pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Çäräniň soňy aýdym-saza ulaşdy.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän asylly işler halkymyzyň, şol sanda zenanlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir.

Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän Döwlet gullugy akademiýasynyň döwrebap binasynda çykyş eden zenanlar halkymyzyň belent ruhy ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändini, şeýle ajaýyp dabaranyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtap geçmek bilen, döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.