Tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak, oňa milli baýlyk hökmünde aýawly garamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän durmuş ýörelgesidir. Ählihalk bag ekmek dabarasy ata-babalarymyzdan galan asylly däbimize uýmak, ony netijeli dowam etdirmek hem ynsanda tebigata çäksiz söýgini döretmek ýaly häsiýetleri özünde jemleýär. Parasatly pederlerimiz daş-töweregiňi bagy-bossanlyga öwürmeklige ähli döwürlerde hem ynsan borjy hökmünde garapdyrlar. Gadymdan gelýän mukaddes däplerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda, şeýle-de tebigaty goramak meselesinde hem dünýä derejesinde ykrar edilýän üstünlikler gazanylýar. Asylly däbe görä, Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary ýurdumyzyň bagy-bossanlyga bürelmegini şertlendirip, adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň mähriban topraga bolan söýgüsini artdyrýar.
Şu ýylyň 16-njy martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäresiniň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde gatnaşdy. Soňky ýyllarda Türkmenistan özüniň giň tokaý zolaklary, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän seýilgähleri bilen köp sanly myhmanlary haýran galdyrýar. Adamlaryň tebigat bilen ysnyşykly ýaşamagy daşky gurşawyň sagdynlaşmagyny we ýurdumyzyň gülläp ösmegini şertlendirýär. Giň möçberli bag ekmek dabarasy — halkymyzyň topraga bolan söýgüsiniň özboluşly baýramçylygy, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Olaryň çäklerinde bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolanlaryna ideg etmek işlerine hem möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary bilen eziz Diýarymyz dünýä nusgalyk bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrülýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek maksatnamasynyň, ilkinji nobatda, ekologik nukdaýnazaryndan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem uly ähmiýetlidigini yzygiderli nygtaýar. Ekologiýa diplomatiýasyny daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Bitarap Türkmenistan bu ugurda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ekologik çäreler milli ykdysadyýetimiziň ösmeginiň täze şertine, halk hojalygynyň geriminde tebigatdan peýdalanmagyň düýbünden täze nusgasyna geçmek üçin netijeli binýada öwrülýär. Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty, jemgyýetiň ekologiýa babatda ruhy-ahlak terbiýäni hem-de ýokary medeniýeti, tebigata paýhasly-jogapkärçilikli garamagy hem öz içine alýar.
Şu ýylyň 16-njy martynda Watanymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň çäginde geçirilen köpçülikleýin ýowara akademiýanyň mugallymlary, diňleýji we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde gysga wagtyň içinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň golaýyndaky dag eteklerinde tokaý zolaklary döredilip, amatly howa gurşawy emele getirildi.
Goý, halkymyzyň bu günki ekýän baglarynyň kökleri Zeminiň gatlaryna aralaşyp, Diýarymyzyň gözelligine gözellik goşsun!
Ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmeginiň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyz gür baglygyň, ýaşyl meýdanlaryň, gül öwüsýän sähralaryň, seýilgähleriň we tokaý zolaklarynyň mekanyna öwrülýär. Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, gök zolaklary döretmek babatda beýik başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Dünýägözel TÄÇMYRADOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň magistri.
