«Medeniýet hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda» kabul edilen Türkmenistanyň kanunlaryny has-da kämil öwrenmek hem-de arheologik tapyndylar bilen tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwynyň 211-nji toparynyň diňleýjileri 2024-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine aýlanyp gördüler.
Muzeýiň işgärleri muzeýiň döreýiş taryhy we gymmatlyklary hakynda gürrüň berdiler. Şunda muzeýde alnyp barylýan işler we muzeý gaznalaryna degişli gymmatlyklar, hususan-da, ilkidurmuş ýaşaýyş jemgyýetiniň paleolit, mezolit, neolit, eneolit döwürlerine we orta asyr taryhyna degişli gymmatlyklar, Goňurdepede tapylan daşdan, kümüşden, keramikadan, mermerden, bürünçden ussatlyk bilen ýasalan arheologik gymmatlyklar we gelin-gyzlaryň dakynan bezeg serişdeleri, Nusaý galasynyň taryhyna degişli gymmatlyklar baradaky gürrüňler diňleýjilerde aýratyn täsir galdyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe arheologik tapyndylary rejelemekde, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda, ylmy taýdan öwrenmekde we wagyz etmekde alnyp barylýan işler, daşary ýurtly hünärmenler bilen bilelikde ýerine ýetirilýän taslamalar hakynda, şeýle hem bu ugurda öňde durýan wezipeler dogrusynda gürrüň edildi. Muzeýiň işgärleri diňleýjileri gyzyklandyrýan sowallara hem höwes bilen jogap berdiler.
Muzeýe gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar muzeý ulgamyny kämilleşdirmekde, şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda we dikeltmekde, olary ylmy esasda öwrenmekde uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
