Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji madda laýyklykda, döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär. 2024-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda 2022-2023-nji okuw ýylynda we 2023-2024-nji okuw ýylynda okap, döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwyny tamamlan uçurymlara dabaraly ýagdaýda diplom gowşurylmagy ýokarda beýan edilenleriň aýdyň güwäsi boldy.
Mälim bolşy ýaly, işgärleri gaýtadan taýýarlamak hünär işiniň täze görnüşini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan ygtyýarlylygyň, täze hünär derejesiniň alynmagyna gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, okuw maksatnamalaryna laýyklykda döwlet gullukçylary jemgyýetçilik durmuşynyň syýasy gurşawy, döwlet häkimiýeti, syýasy aň, ideologiýa, döwlet we onuň jemgyýetdäki orny, jemgyýetçilik durmuşynda hukugyň orny, Türkmenistanda hukuk döwletiniň berkarar edilişiniň we raýat jemgyýetiniň kemala getirilişiniň aýratynlyklary, Türkmenistanyň daşary syýasaty we onuň halkara gatnaşyklaryndaky orny, jemgyýet bilen tebigatyň arabaglanyşygy, häzirki zaman dünýäsiniň ekologik meseleleri barada bilim aldylar, degişli dersler boýunça ýyllyk işini ýazdylar, önümçilik tejribeligini geçdiler.
Dabaraly çärede Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlarynyň ähmiýetiniň barha artýandygy bellenildi. Akademiýanyň mugallymlarynyň, hünärmenleriniň, diňleýjileriniň we talyplarynyň daşary ýurtlara, hususan-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaý Halk Respublikasyna, Türkiýe Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna we beýleki ýurtlara yzygiderli iş saparlaryna iberilmeginiň döwletleriňdir halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde, bilim hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmeginde ähmiýetiniň uludygy nygtaldy.
Okuw meýilnamalarynda göz öňünde tutulan dersleri doly özleşdirip, döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Oba hojalyk, Energetika, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, Aşgabat şäher, Balkan welaýat, Daşoguz welaýat we Mary welaýat häkimlikleriniň wekilleri ykdysadyýet we hojalyk hukugy hünäriniň hukukçy-menejer kärine eýe boldular.
