2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmennebit Döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde mugallymlara usuly goldaw etmek maksady bilen, “Mugalymlaryň pedadodiki we psihologiýa tejribelerini baýlaşdyrmak we kämilleşdirmek” atly online maslahat geçirildi. Oňa ýaş hem-de halypa mugallymlar gatnaşdylar. Maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Babahan Berdiýew hem online usulda gatnaşyp, «Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik paýhasyndan syzylyp çykan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde berilýän sargytlar» atly temada çykyş etdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatynda şeýle belleýär: «Ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlary bilen birhatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, ony milli we öňdebaryjy tejribeler, umumy ykrar edilen halkara kadalar esasynda kämilleşdirmegiň aýgytlaýjy eýýamydyr. Milli bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde toplanan ägirt uly tejribelerimizden ugur alyp, bu gün ýaş nesilleri terbiýelemek we okatmak babatda uly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýarys». Häzirki ajaýyp döwrümizde watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipe bolup durýar.
Maslahatda eden çykyşynda Babahan Berdiýew Milli Liderimiziň alyp barýan işleriniň jemgyýetiň aňyýetine oňyn täsir etmekde ägirt uly ähmiýetini bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň döredijiliginiň we manyly çykyşlarynyň ata-babalarymyzyň beýik işleri, edep-terbiýe, ruhy gymmatlyklar, mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, türkmen topragynyň gülläp ösüşleri hakynda sözleri çuňňur oýlandyrýandygy, öz ömrüniň manyly menzilleri hakyndaky ýatlamalary, her bir ynsan üçin, galyberse-de, bütin adamzat üçin gymmatly bolan arzuw-umytlar, duýgy-düşünjeler, pikir-garaýyşlar, Watanymyzyň ösüş menzilleri beýan edýändigi hakynda aýtdy.
B.Berdiýewiň bellemegine görä, “Arkadagymyz durmuşyň manysy barada söz açanda, ony adamzadyň öz geljegine galdyrjak gymmatlyklary bilen bilelikde göz öňüne getirýär. Ata-babalarymyzyň bize miras goýan gymmatly edep-terbiýe, durmuş mekdebiniň ähli ynsana mahsus gelýän ýörelgeleriniň manysy örän çuňdur. Oňa näçe içgin aralaşdygyňça, bu ýörelgeleriň adamzadyň geljegi babatda alnanda hem gymmatynyň artýandygyny duýmak bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby halkymyz üçin ruhy daýanç hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik maksatlara ýetmegiň ýoluny ýagtylandyrýan şamçyragy bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri türkmen halkynyň taryhyna has giňişleýin garamaga, milli özboluşlylygy, däp-dessurlary, durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmaga, halkymyzyň dünýäniň ylmy, ykdysady, medeni ösüşine goşan uly goşandyna düşünmäge mümkinçilik berýär.”
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy uly mugallymy B.Berdiýewiň «Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik paýhasyndan syzylyp çykan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde berilýän sargytlar» atly temada online usulynda eden çykyşy diňleýjilerde uly gyzyklanma döretdi we gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşylandy.
Türkmennebit Döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirilen çäräniň ahyrynda bize şeýle eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
