Korrupsiýa garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygy

2024-nji ýylyň 4-5-nji dekabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky dolandyryş akademiýasy tarapyndan Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň şanly senesine, şeýle hem Korrupsiýa garşy göreşmegiň  Halkara gününe bagyşlanyp,  «Adam hukuklaryny goramagyň we döwlet dolandyryşynyň netijeliligini üpjün etmegiň serişdesi hökmünde korrupsiýanyň öňüni almak: häzirki ýagdaýy we geljegi» atly halkara ylmy-amaly  maslahat geçirildi. Oňa Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan, Latwiýa Respublikalaryndan, şeýle hem  Türkmenistandan wekiller gatnaşdylar. Halkara ylmy-amaly  maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Döwlet we halkara hukuk kafedrasynyň uly mugallymy Ýazmyrat Küläýew we Konstitusiýa hukugy ugry boýunça magistri taýýarlamak okuwynyň talyby Myrat  Saryýew sanly ulgam arkaly onlaýn gatnaşdylar we çykyş etdiler. Maslahatyň esasy maksady döwlet gullukçylaryny okatmagyň usulyýeti we amalyýeti boýunça tejribe alyşmakdan we korrupsiýa garşy göreşmek baradaky kanunçylyklara özgertmeler girizmekden ybarat boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Döwlet we halkara hukuk kafedrasynyň uly mugallymy Ýazmyrat Küläýew öz çykyşynda ýurdumyzda, korrupsiýa garşy göreşmekde  alnyp barylýan işler, bu ugurda hereket edýän kanunçylyk namalary barada giňişleýin gürrüň berdi. Ý.Küläýewiň bellemegine görä, häzirki döwürde korrupsiýanyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça onlarça halkara hukuk kadalary hereket edýär. Halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, her bir döwletde milli kanunçylyk kabul edilýär. Islendik döwletde Korrupsiýanyň öňüni almakda we oňa garşy göreşmekde ilkinji kesgitleýji mehanizm kanunçylykdyr. Kanunçylygyň hereket edýän çygrynda korrupsiýanyň öňüni almagyň dürli görnüşleri we usullary işlenilip taýýarlanylýar. Ý.Küläýew  çykyşynda ýurdumyzda hereket edýän “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda“,   “Döwlet gullugy hakynda”, “Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle-de 2019-njy tassyklanan  “ Korrupsiýa garşy göreşmek boýunça Milli maksatnama”  hakynda aýdyp,  bu kanunçylyk namalarynyň üsti bilen ýurtda  korrupsiýanyň döremegine getirýän sebäpleri we şertleri köki-damary bilen aýyrmak dogrusynda edilýän işler barada gürrüň berdi. “Şeýle nogsanlyklaryň ýok edilmegi  jemgyýetiň ruhy-ahlak sagdynlygy bilen birlikde syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ösüşlerini ilerletmäge hem ýardam edýändir” diýip,  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Döwlet we halkara hukuk kafedrasynyň uly mugallymy Ýazmyrat Küläýew öz çykyşynyň ahyrynda nygtady.

Maslahatyň ahyrynda aýdylanlar boýunça özara sorag-jogap alşyldy.  Teklipler diňlenildi. Şeýle halkara maslahatlaryň, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi, bu ugurda tejribe alşylmagy bütindünýäde korrupsiýany ýok etmekde örän ähmiýetlidir.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.