15-nji noýabrda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Döwlet dolandyryşy we döwlet gullugy: häzirki wagty we geljegi” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň guramagynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň müdiri Laçyn Hudaýberdiýewa we Raýat hukugy kafedrasynyň mugallymy Annasoltan Şihiýewa gatnaşdylar.
Maslahata şeýle hem Özbegistan, Gyrgyz, Täjigistan, Azerbaýjan, Koreýa Respublikalaryndan, şeýle hem Beýik Britaniýa, Belgiýa, Bolgariýa, Russiýa Federasiýasy, Ermenistan, Germaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Litwa ýaly dünýäniň beýleki döwletlerinden wekiller gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda döwlet dolandyryşynda häzirki zaman ýörelgeler we iň gowy tejribeler, döwlet hyzmatlaryny hödürlemekde, gullukçylary saýlamakda emeli aň we awtomatlaşdyrmak, raýatlar we işewürlik üçin döwlet hyzmatlarynyň elýeterliligini, sanlylaşdyrylmagyny gowulandyrmak meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Akademiýanyň wekilleri maslahatda ählumumy özgertmeler şertlerinde döwlet gullukçylarynyň başarnyklaryny ösdürmek, döwlet gullugynda ahlak gymmatlyklarynyň orny, döwlet gullukçylary taýýarlanylanda ulanylýan döwlet dolandyrylyşynyň tejribeleri barada öz pikirlerini beýan etdiler.
