Beýik halkyň hakyda göwheri

29-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň  mejlisinde Hormatly Prezidentimiz  Gahryman Arkadagymyzyň  “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň neşir edilendigi barada habar berdi.  Bu ajaýyp kitabyň  çapdan çykmagy bütin halkymyz üçin gymmatly sowgat bolup, şu günler täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň gerime eýe bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseri - biziň hakydalarymyzyň göwheri.  Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň her birimiz baý edebi mirasymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan ösüşlere buýsanmaga  hem guwanmaga haklydyrys. Täze kitap – “Hakyda göwheri” bu babatda bize esasy ýolgörkezijidir.  Täze kitapda  merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýolunyň, dünýä ösüşine  goşan ägirt uly goşandynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran  beýik işleriniň taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýär. Bu kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň “Taryha syýahat” atly babynda  “Taryh şu ýerden başlanýar”, “Änew medeniýeti”, “Bürünç zamananyň medeni ojaklary”, “Beýik Seljuklar döwri”, “Horezmşalar döwleti” diýlip atlandyrylan bäş bölüminiň üsti bilen şöhratly taryhymyz  hem-de şol taryh bilen  bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda täsirli beýan edipdir.

“Ruhy miras” atly ikinji  baby hem öz gezeginde “Zehin aýdyňlygy, paýhas käni”, “Oguznama” -  dünýä baýlygy”, “Täsin söhbediň beýany”, “Hazyna eýesine hazynadar diýerler”, “Döwletliniň döwlet gözbaşy”, “Gadymy heňňamyň aýdymy” ýaly  bölümlerden ybarat bolup, onda milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni  gymmatlyklaryň köpöwüşginliligine aýratyn üns çekilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň kitapda belleýşi ýaly, ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr...

...Eziz halkymyzyň ykbaly beýiklikler bilen baglanyşýar, ajaýyplyklar bilen sazlaşýar. Ýagşy zadyň gürrüňini etmek ýagşy täsirleri oýarýar. Milli buýsanjymyzyň bir çeşmesi bolan şan-şöhratly taryhymyz hakda söz açmak hemişe-de gyzykly. Hemişe-de gerekli. 2024-nji ýylda — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda taryhy mesgenlerimiz hem­-de halky beýgelden eserlerimiz barada söhbet etmek has-da ähmiýetli. Çünki berkarar döwletimiziň üstünliklere beslenýän her bir güni taryhyň altyn sahypalaryna öwrülip, barha görklenýän göwherler kimin hakydalarda orun alýar. Hakyda göwherleri milli buýsanjymyzyň, arassa ygtykat-ynanjymyzyň, şeýle hem geljege bolan ynamymyzyň mizemez binýadydyr.

Şeýle buýsançly setirlerden ybarat bolan kitapda beýan edilen her bir jümle  biziň ata Watanymyza bolan egsilmez söýgimizi  artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren bu ajaýyp kitaby Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda  watansöýüji, sagdyn, giň ylmy dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen,  milli mirasymyza uly sarpa goýýan, geljekde ýurdumyzyň we halkymyzyň ykbalyny eginlerinde göterip biljek  ýokary ahlakly döwlet  gullukçylaryny taýýarlamakda  gymmatly gollanma boljakdygy ikuçsuzdyr.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.