2024-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlary aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasynyň arasynda adam serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler. Onlaýn okuwlary Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasynyň esasy hünärmenleri alyp bardylar. Şolaryň hatarynda Aýratyn zehinli işgärleri saýlap-seçip işe kabul etmek we guramaçylyk bölüminiň başlygy Dr. Neşe Gülmez, Işgärleri taýýarlamak we hünär kämilleşdiriş bölüminiň menejeri Dr. Jennet Tarzy Müftüoğlu, Adam serişdelerini taýýarlamak we ösüş bölüminiň müdiri Dosent Dr. Muhittin Şahin, Bahalandyryş we seljeriş bölüminiň müdiri Dosent Dr. Sinan Keskin bar.
Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabryndaky resmi saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasynyň arasynda adam serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Ähtnama laýyklykda hyzmatdaşlygy ösdürmek we döwlet gullukçylarynyň hünärini kämilleşdirmek bilen bagly bolan möhüm işleri, ýagny adam serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki okuw maksatnamalaryny işläp düzmek, uzak aralykdan sanly ulgam arkaly okuw sapaklaryny geçirmek, professor-mugallymlaryň hem-de diňleýjileriň okuw saparlaryny gurnamak meseleleri öz içine alýar.
Geçirilen onlaýn okuw sapaklarynyň dowamynda “Adam serişdelerini strategiki meýilleşdirmek”, “Dolandyryş işinde talap edilýän başarnyklar (kompetensiýalar)”, “Başarnyklary dolandyrmak”, “Maglumatlary derňemegiň we rejelemegiň esasy usullary” , “Sanly okuw amallary” ýaly temalar boýunça gürrüňler edildi. Onlaýn okuwlarda Zähmet potensialyndan doly peýdalanmak arkaly edaranyň işgärlerini dolandyrmak we utgaşdyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklar ulgamy, strategiki adam serişdelerini dolandyrmagyň ähmiýeti we işe edýän täsiri barada, bütin dünýäde we Türkiýede dolandyryjylarda bolmaly esasy başarnyklar, aýratyn zehinleri dolandyrmagyň täsiri, işgärleriň zehinini kämilleşdirmek we olary dolandyrmakda häzirki zaman höweslendirmeler, işgärleri dolandyrmakda sanly tehnologiýalary ulanmak, onuň täsiri we ähmiýeti hem-de bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeler barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Şeýle okuwlaryň geçirilmegi adam serişdeleri ugrunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we döwlet gullugynda sanly ulgamy ösdürmekde örän ähmiýetlidir.
