Bilşimiz ýaly, 22-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Berkarar Watanymyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi Diýarymyzyň ähli künjeginiň bagy-bossanlyga öwrülmegi bilen bir hatarda, ýurdumyzda degişli ekologik derejäniň saklanmagynyň hem baş şertini emele getirýär. Ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 632 müň 498 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 260 müň 836 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda hem geçirildi. Oňa akademiýanyň mugallymlary we işgärleri gatnaşdylar. Ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar akademiýanyň çäginde we onuň golaýyndaky meýdançalardaky baglara ideg etdiler we ýan-ýodalarda tämizlik işlerini ýerine ýetirdiler. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň”, şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasynda tebigaty goramak bilen baglanyşykly bu işlere halkyň giňden çekilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ählihalk bag ekmek çäresi şeýle asylly maksatlary amala aşyrmaga hem-de jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge ýardam berýär.
Bag ekmek-ömre dowamat
- Seretmeler: 280
