Parahatçylyk we ynanyşmak - asuda geljegiň nyşany

Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynda uly many bar. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň asuda geljegini üpjün etmekde biri-biri bilen berk baglanyşykly gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, «Dialog — parahatçylygyň kepili» taglymatyndan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de deňhukukly we özara bähbitli oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Bu şygar döwletimiziň we jemgyýetimiziň agzybirlik, parahatçylyk hem-de ynanyşmak arkaly belent sepgitleri, beýik ösüşleri gazanýandygyny şöhlelendirýär. Şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege ynanyşmak hem-de hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyny äleme ýaýýar.

Röwşen geljege rowaç gadamlar bilen barýan eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan gazanýan ösüşleri göwünleri galkyndyrýar, buýsançly kalbymyzy joşa getirýär. Goý, şeýle buýsandyryjy ösüşler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» hem dowamly bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň elmydama janlary sag, belent başlary aman bolsun, içeri we daşary syýasatymyzy ösdürmekde alyp barýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.