2025-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda talyplara, diňleýjilere we ýaş mugallymlara mugallymçylyk ussatlygynyň täze usullaryny, tärlerini, ýörelgelerini ulanyp, döwrebap sapak bermekde degişli ukyp-başarnyklary kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagynyň başynda akademiýanyň rektory A.Annamyradow çykyş edip, ýurdumyzda ýokary bilimden soňky çuňlaşdyrylan bilim berýän edaranyň işi, bu ýerde diňleýjilere we talyplara geçilýän okuw sapaklary hakynda gürrüň berdi. Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory B.Bäşimow, öz gezeginde, institutda alnyp barylýan işler, onuň bölümleri we ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde gazanylanlar barada aýtdy. Şeýle-de sapagyň dowamynda halypalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Bu okuw sapagy talyplarda we mugallymlarda uly täsir galdyrmak bilen, talyplara, diňleýjilere we ýaş mugallymlara bilimiň ähli derejelerinde okuw derslerini okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň maksatlary, wezipeleri we häzirki zaman çemeleşmeleri, şeýle hem okatmagy milli we dünýä tejribesine laýyklykda alyp barmak hakynda giňişleýin düşünje almaga ýardam etdi.
Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri Sapar Durdyýewiň çykyşynda bellemegine görä, mugallymçylyk ussatlygy ─ bu pedagogyň okaýanlara bilim we terbiýe bermek, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek, hünärleri öwretmek bilen baglanyşykly toplumlaýyn wezipeleri çözmekde öz bilimleriniň, şahsy häsiýetleriniň we pedagogik iş tejribesiniň esasynda işini amala aşyrmagynyň ýokary sungatydyr. Şeýle-de çykyşlarda “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli konsepsiýasynyň” kabul edilmeginiň maksady, onda beýan edilýän Türkmenistanyň umumybilim maksatnamasynyň çäklerinde bilim almagyň döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, bilimiň ähli derejelerinde okuw derslerini okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň maksatlary, wezipeleri we häzirki zaman çemeleşmeleri, şeýle hem okatmagyň milli, dünýä tejribesi barada giňişleýin gürrüň berilmegi okuw sapagyna gatnaşyjylar üçin örän täsirli boldy. Şeýle-de konsepsiýa laýyklykda, PISA, TIMSS, PIRLS halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak işlerini alyp barmak we şolaryň esasynda yzygiderli sejermeleri geçirmek barada hem çykyşlarda bellenildi.
Mundan başga-da institutyň Jemgyýetçilik ylymlary bölüminiň esasy ylmy hünärmeni Gurbanjemal Nuryýewa çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar—Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr. Esasy bilim, iň wajyp terbiýe watançylykdadyr” diýen setirlerini mysal getirmek bilen, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşi, bu ugurda daşary ýurt tejribesiniň öwrenilişi, ýaş nesiller üçin edilýän aladalar barada gürrüň berdi.
Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilime, ylma uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza okamaga, işlemäge döredýän mümkinçilikleri üçin çäksiz sagbolsun aýtdylar.
