15-nji aprelde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýaponiýada iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory ady dakyldy. Bu barada tdh.gov.tm saýtynda habar berilýär.
Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen duşuşdy we onuň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Sukuba uniwersitetiniň filosofiýa ylymlarynyň hormatly doktory akademiki derejesiniň degişli diplomyny gowşurmak dabarasy boldy.
Kýosuke Nagata bilim-ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bu hormatly ady dakmak baradaky çözgüde gelnendigini aýdyp, dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza degişli diplomy gowşurdy we Gahryman Arkadagymyzyň hem bu uniwersitetiň hormatly doktorydygyny, giň gerimli döwlet işi bilen bir hatarda, ylmy-barlag işlerine-de hemişe uly üns berýändigini buýsanç bilen belledi.
Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň filosofiýa ylymlarynyň hormatly doktory alymlyk derejesiniň berlendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagyň özi üçin uly hormatdygyny we munuň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň, hususan-da, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezýändigini nygtady.
