22-23-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iki günlük dostlukly saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen bilelikde Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine baryp gördi. 2002-nji ýylda esaslandyrylan “Ruh-Ordo” medeniýet merkezi açyk asmanyň astyndaky muzeýi ýatladýar. Bu merkez Yssyk-kölüň demirgazyk kenarynda ýerleşýän Çolpon-Ata şäheriniň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir. 2008-nji ýylda “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine belli gyrgyz ýazyjysy we jemgyýetçilik işgäri Çingiz Aýtmatowyň ady dakyldy. Bu ýerde ýazyjynyň öý muzeýi hem-de onuň eserleri esasynda döredilen birnäçe heýkeller bar.
Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkeziniň gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilelikde Yssyk-kölüň ajaýyp kenarynda gezelenç etdiler. Tebigatyň gözel görnüşi, kenarýakasynyň ýakymly howa gurşawy ynsanyň ruhuny götermek bilen, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Munuň özi adamlaryň saglygyny berkitmekde, ruhubelentlik duýgusyny oýarmakda tebigatyň ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň mysalydyr. Gezelenjiň dowamynda iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagyndada gatnaşyklary ösdürmegiň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.
23-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurda sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşyga ýurtlarymyzyň arasyndaky okgunly ösýän syýasy dialogyň dowamy hökmünde garaýandygyny belledi. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigini aýdyp, şu ýyl Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen, ilkinji nobatda, sebit ýurtlarynyň gatnaşmagynda iri halkara çäreleriň birnäçesini geçirýändigini nygtady. Şunda 12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak halkara forum aýratyn ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Sadyr Žaparowyň bu forumyň işine gatnaşmagyna umyt bildirildi.
Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň awgust aýynyň başynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň başlyklyk etmeginde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýtdy we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini oňa gatnaşmaga çagyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly döwletiň Baştutanyny Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan transkontinental demir ýolunyň gurluşygy boýunça giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen gutlap, üstaşyr ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek babatda bilelikdäki işiň wajypdygyny belledi hem-de logistika boýunça ýerli merkezi döretmegi teklip etdi. Taraplaryň tagallalary bilen ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gyrgyz topary döredildi. Onuň ilkinji mejlisi şu ýylyň 28 — 30-njy aprelinde Bişkek şäherinde geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda has netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklipler beýan edildi. Şeýle hem ýurtlarymyzyň ösmegine uly goşant goşan ajaýyp şahsyýetlere bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek teklip edildi.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti gyrgyz milli ak öýüne baryp gördüler. Bu ýerde türkmen-gyrgyz dostluk gatnaşyklaryny hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly şahsy goşant goşan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hormat-sarpanyň nyşany hökmünde gymmatly sowgatlar — milli gyrgyz ak öýi hem-de häzirki wagtda aýawly saklanylýan we kämilleşdirilýän senetçilik sungatynyň ösýändigine şaýatlyk edýän sowgatlyk önümler, şeýle-de Han atly bedew sowgat berildi.
Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen bilelikde Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna baryp gördi. 10 müň adama niýetlenen bu toplum Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinden 270 kilometr uzaklykda ýerleşýär we 25 gektar meýdany eýeleýär. Toplum 2014-nji ýylda Çarwadarlaryň birinji bütindünýä oýunlaryndan soňra guruldy. Belent mertebeli myhmana milli gyrgyz at üstündäki oýunlar — Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen “žorgo”, “gök-böri” we “salburun” oýunlary görkezildi.
Gyrgyz Respublikasyna dostlukly saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen bilelikde Yssyk-köl Halkara howa menziline bardy we şol ýerden uçarda Özbegistanyň Samarkant şäherine ugrady.
