Kämil kanun – berk binýat

14-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli professor-mugallymlaryň, diňleýjileriň we  talyplaryň, şeýle-de Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy – adalatlylyk ýörelgesiniň kepillendirmesi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler milli senenamamyzda orun alan, halkymyzyň buýsanjyny artdyrýan ajaýyp baýramlaryň biri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesi bilen utgaşyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny has-da dabaralandyrýandygyny bellediler. Nygtalyşy ýaly, Konstitusiýa we baýdak häzirki bagtyýar durmuşymyzyň, beýik geljegimiziň kepilidir, milli döwletliligimiziň mizemez sütünleri, halkymyzyň mukaddes gymmatlyklarydyr.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli ösüşiň döwlet syýasatynda hukuk ulgamynyň, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýolunyň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda adamlaryň we raýatlaryň hukuklarynyň Konstitusion goraglylygy kanuna esaslanýan netijeli usullar we serişdeler bilen berkidilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimi­ziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz öz beýanyny tapýar. Ol Bitarap Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni ösüşleriniň we üstünlikleriniň hukuk binýady bolmak bilen, halkyň intellektual kuwwatyny döredijilikli maksatlara gönükdirmäge mümkinçilik döredýär. Öňde durýan aýdyň maksatlary, şol maksatlara ýetmegiň ýollaryny we serişdelerini kesgitleýär, wezipeleri ýerine ýetirmegiň ýollaryny hukuk taýdan esaslandyrýar.

Şeýle-de çykyşlarda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň Garaşsyzlygyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydygy, onuň türkmen halky üçin mukaddesligi, onuň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada giňişleýin bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de  Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň - iki mukaddesligiň  toýunyň bilelikde bellenmeginiň çuňňur manysynyň, ähmiýetiniň bardygy aýdyldy.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerini hem-de kadalaryny durmuşa geçirmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlanmagyny arzuwlap, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.