Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 6-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Resminamada adam serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki okuw maksatnamalaryny işläp düzmek, sanly ulgam arkaly okuw geçirmek göz öňünde tutuldy.
Agzalan ylalaşygyň çäklerinde şu ýylyň 26-30-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň bilermenleri we mugallymlary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary, hünärmenleri, diňleýjileri we talyplary üçin adam serişdelerini dolandyrmak boýunça onlaýn okuw geçirdiler. Onuň dowamynda “Adam serişdelerini strategiki meýilnamalaşdyrmak”, “Dolandyryş işinde talap edilýän başarnyklar”, “Başarnyklary dolandyrmak”, “Işgärleriň işe gatnaşygyny dolandyrmak”, “Netijeli gepleşikler”, “Dolandyryş çözgütlerini kabul etmekligiň aýratynlyklary” ýaly temalar boýunça sapak berildi. Zähmet potensialyndan doly peýdalanmak arkaly edaranyň işgärlerini dolandyrmak we utgaşdyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklar ulgamy, adam serişdelerini dolandyrmagyň ähmiýeti, dolandyryjylarda bolmaly esasy başarnyklar, işgärleriň zehinini kämilleşdirmek we häzirki zaman höweslendirmeler, işgärleri dolandyrmakda sanly tehnologiýalary ulanmak we bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeler, dolandyryşyň gurallary we innowasion çemeleşmeler, işgärler ätiýaçlygy, edarada halypa şägirtlik ulgamyny ýola goýmak ýaly ugurlarda berilýän maglumatlar oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle okuwlaryň geçirilmegi adam serişdelerini dolandyrmak babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we döwlet gullugynda sanly ulgamy ösdürmekde ähmiýetlidir.
Şeýle-de görüp bilersiňiz:
